Türkmen wekiliýeti BAE-de iki ýurduň ulag gatnaşyklary babatda gepleşikleri geçirdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-16

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 14 — 16-njy sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi – diýip, DIM-iň resmi saýty beýan edýär.

Türkmen wekiliýetiniň BAE saparynyň çäklerinde BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň «Dubai Nasdaq» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, onda özara söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hut şunuň bilen baglylykda hem awtoulag, howa, demir ýol hem-de deňiz ulaglary arkaly ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklar barada pikir alşyldy. Onda BAE-niň «Etihad Rail» demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE — Eýran — Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-e Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek  nygtaldy.

Soňky Täzelikler