Ykdysady üstünlikleriň sergisinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ösüşleri tanyş edildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-21

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda 20-21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň çäginde soňky ýyllarda durmuşa geçirilen işler hem mynasyp orun aldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi häzirki wagtda ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda şärerara, şäheriçi we halkara derejedäki gatnaw hyzmatlaryny alyp barýar. Şu günki günde agentlik tarapyndan 600-den gowrak gatnaw ugurlarynda hyzmatlar üpjün edilýär. 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap agentlikde 26 sany täze hem-de 22 sany üýtgedilen täze awtobus gatnaw ugurlary girizildi. Şular bilen birlikde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ulaglar parkynda Aşgabat şäheri hem-de ýurduň ähli welaýatlary boýunça hyzmat edýän täze ýeňil taksi awtoulaglarynyň bardygyny bellemek gerek.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudagyň işine özgertmeler girizilip, jemgyýetçilik ulaglaryna elektron töleg ulgamy ornaşdyryldy. Raýatlaryň şäherara hem-de şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin petekleri onlaýn görnüşde almak mümkinçiligi ýola goýuldy. Bu babatda «Duralga», «Şäher bilet» we beýleki ykjam goşundylar hem ulanyşa goýberildi.


Soňky Täzelikler