«Demirýollary» 2 sany täze teplowoz bilen üpjün edildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-20

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük gatnawlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, Hytaýyň CRRC Ziyang CO., LTD kompaniýasynda öndürilen täze 2 sany dizel ýük teplowozy bilen üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli olaryň ýene-de 13-üsi getiriler diýlip habar berilýär.

Ulaglar parkynyň üstüni ýetirjek täze teplowozlar iki wagondan ybaratdyr. Olar öz gezeginde ýokary kuwwatlylyga we çekiş güýjüne eýe bolup, olaryň ýokary tizligi sagatda 100 km çenli ýetip bilýär. 

Bu demir ýol ulaglarynyň aýratynlyklara görä, olar demir ýollarda has uly ýük otlularyny birikdirmäge we ýük daşamagyň tizligini artdyrmaga şert döreder. Täze teplowozlaryň getirilmegi Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara ulag geçelgesi hökmünde günsaýyn ähmiýetiniň artmagynda örän möhümdir.

Ýeri gelende teplowozlaryň öndürilende halkara howpsuzlyk we daşky gurşaw talaplaryndan ugur alnandygyny nygtamak gerek. 


Soňky Täzelikler