Aşgabat şäheriniň Arçabil we Bitarap Türkmenistan köçeleriniň çatrygynyň durky täzelendi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-22

Aşgabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan köçeleriniň birleşýän ýerindäki aýlaw çatryk birnäçe wagtlyk geçirilen abatlaýyş işlerinden soň, durky täzelenip ulanyşa goýberildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna gabatlanyp açylan täze aýlaw ýol owadan mozaika bezegleri bilen bezelip, bu ýer hasam pyýadalaryň gatnawy üçin özboluşly bezegli ýere öwrülip, has täze bezeglere eýe boldy.

Häzirki wagtda Arçabil şaýolunyň beýleki birnäçe köprülerinde hem abatlaýyş işleriniň dowam etdirilýändigini we olaryň ýakyn geljekde taýýar edilip ulanylmaga beriljekdigini bellemek zerur.


Soňky Täzelikler