Şa gyzy Diananyň iň halaýan awtoulagy auksionda satylar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-03

27-nji awgustda Britaniýanyň Roýal-Lemington-Spa şäherinde geçiriljek auksionda Şa gyzy Diananyň «Ford Escort RS» kysymly awtoulagy auksiona çykarylar. Bu auksionyň guramaçysy bolup «Silverstone Auctions» guramasy çykyş eder.

«Ford Escort RS» kysymly gara reňkli awtoulagy Şa gyzy Diana çagalary bilen 1985-nji ýyldan 1988-nji ýyllar aralygynda dolandyrypdy. Soňra bolsa bu awtoulaga üç adam eýeçilik etdi. Köp ýyllaryň dowamynda ulagyň daşky keşbi üýtgedilse-de, ol adaty durkuny we guratlygyny saklap galypdyr.

Şa gyzynyň dolandyran we iň halaýan bu awtoulagynyň 100 000 ABŞ dollaryndan hem ýokary bahadan satyljakdygy habar berilýär.


Soňky Täzelikler