Ýurdumyzyň awtoulag tehniki parkyna täze taksi awtoulaglary satyn alyndy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-23

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkyna 150 sany täze «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglary satyn alyndy.

Täzeçilligi hem-de guratlygy bilen tapawutlanýan täze awtoulaglar GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu enjamlar islendik wagtda taksi awtoulagynyň nirede ýerleşýändigini kesgitläp bilýär, mundan başga hem ol ulagyň tizlik derejesine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

Häzirki wagtda taksi hyzmatynyň has döwrebaplaşdyrylmagyna bu awtoulaglarda bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetleriň ýerleşdirilendigini hem aýtmak bolar.

Soňky Täzelikler