Türkmenistanyň dört welaýatynda täze awtomenziller açyldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-26

Ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Mary hem-de Lebap welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda 24-nji sentýabrda döwrebap awtomenziller açyldy. Bu desgalaryň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmagy esasynda «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amal edildi.

Welaýatlarda ýerleşýän awtomenzilleriň her biriniň umumy meýdany 3 gektara barabar bolup, olarda birbada 700 ýolagça hyzmat etmek göz öňüne tutulandyr. Olaryň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen garaşylýan zal, ýolagçylar üçin iki sany çykalga, sorag-jogap nokady, awtobus, demir ýol we howa gatnawlary üçin petek satyş kassalary, iş otaglary, goş saklanýan kamera, garbanyşhana, dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk otagy, dükanlar, market we hajathanalar ýerleşýär. Şular bilen birlikde her awtomenziliň içerki şertlerinde ähli zerurlyklar nazarda tutuldy. 

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa ulgamynyň kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýeleýän degişli awtoulag menzilleriniň açyk awtoduralgalarynyň meýdany 2150 inedördül metre deňdir. Ol bir wagtyň özünde 100 sany ýeňil awtoulag üçin niýetlenen. Üsti ýapyk duralgalaryň meýdany bolsa 2100 inedördül metre deň bolup, ol bir wagtyň özünde 112 sany taksi awtoulaglar üçin niýetlenendir.

Täze awtomenzilleriň desgalarynda her welaýatyň özüne mahsus taryhy ýadygärlikleriň, haly gölleriniň şekilleri bezegler bilen utgaşdyryldy.

Soňky Täzelikler