Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly ýörişine ýurdumyzyň awtoulag pudagynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-29

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 27-nji sentýabrda Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly ýörişe ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň hünärmenleri baýramçylyk çykyşlary bilen gatnaşdylar. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Dabaraly ýörişde ähli pudaklaýyn edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan çykyşlary bilen deň hatarda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň bezegli awtoulagy-da ýurdumyzyň ulag ulgamynyň özgertmelerini, aýratyn-da awtomobil ulaglarynda ýük we ýolagçy gatnawlary babatdaky kuwwatyny hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurdaky gazanylan üstünlikleri alamatlandyrdy.


Belläp geçsek, ýörişiň dowamynda agentligiň hünärmenleriniň taýýarlan çykyşlary ulag ulgamynyň beýleki pudaklary bilen birlikde Döwlet münberiniň öňünden dabaraly ýagdaýda geçdi.


Soňky Täzelikler