Awtomobil ýollarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-03

2013-nji ýylyň 2-nji martynda kabul edilen «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny neşir edildi. Oňa girizilen üýtgetmeler bilen «Türkmenistan» gazetiniň 29-njy iýulda neşir edilen sanyndan tanşyp bolýar.

Bu Kanuna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar şulardan ybarat:

1) 6-njy maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi» diýen sözleri «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 7-nji maddanyň 3-nji bendine şu mazmunly kiçi bendi goşmaly: 

«h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;»;

3) 8-nji maddada: 

2-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly: 

«21) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

22) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işler amala aşyrylan mahalynda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

23) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işleriň guralmagyny amala aşyrýar;»;

6-njy bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly: 

«h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;»; 

10-njy bentde «welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň» diýen sözleri «öz» diýen söze çalşyrmaly we «belgilerini» diýen sözden soň «we atlary» diýen sözleri goşmaly;

4) 9-njy maddanyň 6-njy bendinde «we ýol işi boýunça hasabatlary» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 10-njy maddada: 

birinji bölekde «boýunça» diýen sözden soň «ygtyýarly edaranyň,» diýen sözleri goşmaly; 

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» diýen sözleri «Ygtyýarly edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 19-njy maddanyň ikinji böleginde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözleri «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 31-nji maddanyň birinji böleginde «Ygtyýarly edaranyň,» diýen sözlerden soň «onuň kärhanalarynyň we guramalarynyň,» diýen sözleri goşmaly.

Soňky Täzelikler