Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibini we möçberini tassyklady

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-12

11-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmegi, alynýan ýygymyň möçberini kesgitlemegi maksat edinýän «Aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibini we şol ýygymyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Degişli habar «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edildi.

Bu kararyň taslamasy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew mejlisiň dowamynda barada hasabat berdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzeçillikleriň ulanylmagy netijesinde, ýurtda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamynyň üstünlikli işleýändigini bellemek bilen, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellesek, degişli karar esasynda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň Tertibi, şeýle hem şol alynýan ýygymyň möçberi tassyklanyldy.

Soňky Täzelikler