Aşgabat — Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy ýola goýuldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-16

Indi demir ýol ýolagçy gatnawlary Aşgabat — Serhetabat (Mary welaýaty) ugry boýunça ýola goýup başlandy. Bu barada «Demirýollary» AGPJ-niň resmi web saýtynda ýolagçy demir ýol gatnawynyň gaýtadan ýola goýlandygy bilen baglanyşykly habar neşir edildi.

Ýolagçy otlulary sişenbe, penşenbe we şenbe günleri gatnar. Bu ugruň gatnaw peteklerini «Demiryollary» AGPJ-niň resmi web saýtynda, şeýle hem «iPhone» we «Android» operasion ulgamlary üçin niýetlenen programmalar arkaly satyn alyp bolýar.

Bu gatnawda plaskartly wagonyň gatnawynyň bahasy — 27 manat 90 teňňedir. Özbaşdak kupe wagonynyň gatnaw bahasy bolsa — 50 manat 90 teňňedir.

Soňky Täzelikler