Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-11-17

15-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu habar TDH-niň resmi saýtynyň sahypalarynda ýetirildi.

Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleler maslahatlaşyldy.

Ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, özara tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy, hususan-da, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek we Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Soňra gepleşikler ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde dowam etdi. 

Bilelikde işlemegiň toplanan köpýyllyk tejribesi taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi pugta maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Häzir bu işleriň çäklerine käbir sebitler, iri senagat we medeni merkezler, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri, Russiýa Federasiýasynyň beýleki çäkleri goşuldy.

Geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge Russiýanyň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, myhmanlar rus işewürliginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatdaky uly taslamalaryna mundan beýläk-de has işjeň gatnaşmaga hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we täze tehnologik işläp taýýarlamalary paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Soňky Täzelikler