Gerekli resminamalar

1.
Türkmenistanyň çägine girýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt tirkegleri we ýarym tirkegleri gümrük gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Ýerli eýerli çekijide Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn goýbermek üçin Rugsatnamany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy:
arrow
  • Rugsatnamany almak üçin Daşaýjy gümrük gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ýerleşýän Kärhananyň işgärine daşary ýurt tirkegleri we ýarym tirkegleri gümrük gözegçilik-geçiriş ýerinden Çekijide Türkmenistanyň çägine girýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt tirkegleri we ýarym tirkegleri gümrük gözegçilik-geçiriş ýerinden Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn goýbermek üçin Rugsatnamany almak hakynda arza. Arza aşakda görkezilen resminamalar goşulmalydyr:

               - Arza beriji fiziki şahs üçin şahşyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy, arza beriji ýuridik şahs üçin kärhananyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgasy; 

               - Şertnamanyň nusgasy;

               - Buýrujynyň Daşaýja beren ynanç haty; 

               - Çekijä degişli resminamalar; 

               - Daşary ýurt tirkege we ýarym tirkege degişli resminamalar. 

  • Kärhananyň wezipeli işgäri tarapyndan arza we oňa goşulan resminamalar barlanyp, Rugsatnama resmileşdirilýär. Rusgatnama belgilenilip, Kärhananyň wezipeli işgäriniň goly we Kärhananyň möhüri bilen berkidilýär. 
  • Rugsatnama iki asyl nusgada resmileşdirilýär. Rugsatnamanyň bir asyl nusgasy Daşaýja berilýär, ikinji asyl nusgasy Kärhanada galdyrylýar. 


2.
Fiziki we ýuridiki şahslara degişli awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy:
arrow

Fiziki şahs üçin: 

-    Sürüjiniň pasportynyň nusgasy 

-    Sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy 

-    Awtoulagyň tehniki pasportynyň nusgasy 

-    Eger awtoulag sürüjä degişli däl bolsa, sürüjä awtoulagy dolandyrmak üçin berlen ynanç haty

-    Awtomobil mekdepleriniň birleşiginden güwänama 

-    Awtoulagyň ekologiki taýdan arassalygy barada güwänama 


Ýuridiki şahs üçin: 

-    Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawy  

-    Arza 

-    Wekiliň adyna berlen ynanç haty 

-    Wekiliň pasportynyň göçürmesi 

-    Awtoulagyň tehniki pasportynyň nusgasy

-    Awtomobil mekdepleriniň birleşiginden güwanama 

-    Awtoulagyň ekologiki taýdan arassalygy barada güwänama 

-    Sürüjiniň pasportynyň göçürmesi 

-    Sürüjiniň sürüjilik şahadatnamasynyň göçürmesi 

-    Sürüjiniň işe alnandygy baradaky Buýruk 

-    Awtoulagyň sürüjä berkidilendigi baradaky Buýruk 


3.
Halkara daşalýan ýüküň haryt-ulag ýanhatynyň (CMR) hem-de Türkmenistanda ýükleri ýüklemegiň we üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükleri daşamak üçin rugsatnamanyň blankasyny almak üçin «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasyna ýüz tutulanda talap edilýän resminamalar:
arrow

-    Ýüzlenme haty; 

-    «Ulag – ekspedisiýa işiniň» - 52.29.22 kiçi görnüşi esasynda «Awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamagy guramak, ýükleri ekspedisiýa etmek (ýany bilen gitmek) işi» üçin hereket edýän ygtyýarnamanyň asyl nusgasy we göçürmesi; 

-    zerur bolan ýagdaýynda goşmaça resminamalar we maglumatlar talap edilip bilner; 

Halkara daşalýan ýüküň haryt-ulag ýanhatynyň (CMR) hem-de Türkmenistanda ýükleri ýüklemegiň we üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükleri daşamak üçin rugsatnamanyň blankasy diňe töleg amala aşyrylandan soňra berilýär.


×