«Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň şu web saýty arkaly Halkara daşalýan ýüküň ýanhatyny (CMR) we Ýüki Türkmenistanyň çäginde awtoulag serişdesine ýüklemek üçin rugsatnamany almak üçin onlaýn ýüz tutmany amala aşyryp bolar.
Onlaýn sargyt edilenden soň, elektron poçtaňyza töleg tabşyrygy barar. Töleg tabşyrygy esasynda degişli tölegi amala aşyryp, tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminamany getireniňizden soň, sargyt eden rugsatnamalaryňyzy alyp bilersiňiz.
Onlaýn ýüztutmany nädip ugratmalygy bilen tanyşmak üçin aşakdaky wideony görüň